Ysraýyl we HAMAS parahatçylyk meýilnamasynyň birinji tapgyrynda ylalaşdy

Donald Tramp

Gazanylan ylalaşyk zamun alnanlaryň boşadylmagyny we Ysraýyl goşunlarynyň ylalaşylan hatara çykarylmagyny hem öz içine alýar.

Ysraýyl we HAMAS (ABŞ we ÝB tarapyndan terror guramasy diýip kesgitlenen topar) parahatçylyk meýilnamasynyň birinji tapgyry boýunça ylalaşyga geldi diýip, prezident Donald Tramp “Truth” sosial media platformasynda habar berdi.

"Bu zamun alnanlaryň ÄHLISINIŇ ýakyn wagtda boşadyljakdygyny we Ysraýylyň öz güýçlerini dowamly, dowamly we ebedi parahatçylyga tarap ilkinji ädim hökmünde, ylalaşylan hatara çykarjakdygyny aňladýar. Taraplaryň ählisine adalatly çemeleşiler! Bu arap we musulman dünýäsi, Ysraýyl, ähli goňşy ýurtlar we Amerikanyň Birleşen Ştatlary üçin BEÝIK gün, bu taryhy we görlüp-eşidilmedik wakanyň mümkin bolmagy üçin Katardan, Müsürden we Türkiýeden gelen, biz bilen işleşen araçylara sagbolsun aýdýarys" diýip, Tramp ýazdy.

Ol "Fox News" neşirine beren interwýusynda zamun alnanlaryň, mümkin, 13-nji oktýabrda boşadyljakdygyny aýtdy.

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu ylalaşygyň hökümetiň 9-njy oktýabrda geçiriljek mejlisinde tassyklanjakdygyny aýtdy.

Reaksiýalar

"Men turuwbaşdan zaman alnanlaryň hemmesi yzyna gaýtarylýança we ähli maksatlarymyza ýetýänçäk ynjalmajakdygynyzy açyk aýtdym” diýip, ol belledi.

Gepleşiklere ýakyn müsürli çeşmäniň “Sky News Arabia” neşirine aýtmagyna görä, "Ysraýyl goşunynyň Gaza zolagynyň 70% -inden kem-kemden çykarylmagy bilen, atyşygyň doly bes edilmegi barada ylalaşyk gazanyldy".

Ynet, goşun ylalaşylan ugurlardan yza çekilenden soň, Ysraýylyň Gaza zolagynyň 53% -ine gözegçilik etmegini dowam etdirjekdigini, munuň ABŞ-nyň prezidentiniň parahatçylyk meýilnamasynda bellenen mukdardan takmynan 4% azdygyny habar berdi.