17 ýaşly gyzyň ölümi: Güman edilýän jesedi gizlän ýerini görkezdi

Güman edilip saklanan erkek

Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary Soltan Makilow Yssykköl sebitinde öldürilen 17 ýaşly Aýsulu Mukaşewanyň ölümi bilen baglanyşykly maglumatlaryň käbirini aýan etdi.

"Güman edilýän erkek gyzyň jesedini taşlan ýerini görkezdi. Ol ony Kemin etrabynda ýerleşýän Boom jülgesine eltip, beýik ýerden aşak taşlady. Bu adamsyz, çöllük ýer; golaýyndan hiç kim geçmeýär. Ol jesediň üstüni ot-çöp bilen örtüpdir. Güman edilýäniň özi hemme zady görkezdi" diýip, ministrligiň wekili 2-nji oktýabrda aýtdy.

17 ýaşly Aýsulu Mukaşewanyň Yssyköl sebitinde rehimsizlik bilen öldürilmegi jemgyýetçiligi sarsdyrdy diýip, habarda bellenýär.

27-nji sentýabrda Jeti-Oguz etrabyndaky obasyndan Karakol şäherine, jorasyny görmäge giden gyz şondan soň ýitirim boldy.

Içeri işler ministrliginiň maglumatyna görä, güman edilýän erkek 41 ýaşynda. Ol gyzy Barskoon obasynda, ulagyna zor bilen mündürip, alyp gaçdy we Ženiş obasynda zorlady. Soňra ol gyzy Ton etrabynyň Kazy-Saý obasyndaky howza alyp gitdi we rehimsizlik bilen bogup öldürdi.

Degişli maglumat Gyrgyz prezidenti zorlanan gyz sebäpli ölüm jezasynyň girizlmegini buýurdy