Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 17-nji oktýabrda Ak tamda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen duşuşmak üçin Waşingtona gelendigini habar berdi.
Zelenskiniň telegram kanaly ol ABŞ-a geleninden soň, uçaryň trapynda düşürilen wideo ýazgyny çap etdi.
“Interfaks-Ukraina” habar gullugy dördünji gün irden, howa hereketine gözegçilik gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp, ukrain prezidentini alyp barýan uçaryň Endrýus howa bazasyna gonandygyny habar berdi.
Wolodymyr Zelenskiniň sözlerine görä, dördünji gün ol energiýa we goranyş kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşmagy meýilleşdirýär.
"Bular goragymyzy güýçlendirip biljek güýçli ýaraglary öndürijiler" diýip, ukrain lideri howa goranyş ulgamlarynyň goşmaça üpjünçiliginiň hem ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.
Zelenski Tramp bilen boljak duşuşygy barada aýdyp, Ak tamyň Gaza zolagyndaky söweş hereketlerini soňlamak baradaky parahatçylyk meýilnamasyny agzady. "Biz Ýakyn Gündogardaky terrorçylygyň we urşuň öňüni almak tizliginiň Russiýanyň Ukraina garşy urşuny soňlamaga hem kömek etmegine bil baglaýarys" diýip, Zelenski ýazdy. Moskwa, onuň sözlerine görä, "Tomahawklar” hakda eşiden badyna gepleşikleri dikeltmäge howlukdy".