Türkmenistanda täze kazyýetler döredildi

Arhiw suraty. Türkmen kazysy korrupsiýada aýyplanan bank resmilerine çykaryln hökümleri yglan edýär. Aşgabat, 28-nji iýul, 2011.

Türkmen metbugaty ýurduň dört sebitinde täze kazyýetleriň döredilendigini habar berýär.

Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi sebäpli, “Kazyýet hakyndaky” kanunyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň prezidenti Serdat Berdimuhamedow täze kazyýetleri döretmek baradaky karara gol çekdi.

Bu karar esasynda Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynda, Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk we Gubadag etraplarynda, Lebap welaýatynyň Döwletli, Farap we Garabekewül etraplarynda, Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynda täze kazyýetler dörediler.

Türkmenistan sebitde ilatynyň jan başyna iň kän tussagly ýurtlaryň biri hasaplanýar we ol ýa-da beýleki jenaýatda aýyplanýan raýatlaryň açyk kazyýet seljermelerinde özlerini kanun esasynda goramak mümkinçiliginiň çaklidigi, olaryň çykarylan hökümlerden edýän şikaýatlarynyň köplenç diňlenmeýändigi habar berilýär.

Şeýle-de, Türkmenistanda soňky onýyllyklarda aklaýyş hökümleriniň çykarylmaýandygy, günä geçişe düşürilýän tussaglaryň öňünde eden ýa etmedik günäsini doly boýun alyp, ak ýürekden toba etmek talabynyň goýulýandygy aýdylýar.

Mundan başga, diňe prezident tarapyndan wezipä bellenilýän we işden boşadylýan kazylar, şol sanda öz müşderileriniň bähbitlerini goramaly bolan aklawçylar hem şikaýat edilýän işler boýunça açyk düşündiriş bermekden saklanýarlar.

Özüni dünýewi, hukuk döwleti atlandyrýan Türkmenistan halkara hukuk toparlary tarapyndan kazylaryň garaşsyzlygyny çäklendirmekde yzygiderli tankyt edilýär.

Degişli maglumat Türkmenistan kanunyň hökmürowanlygy indeksine ýene-de alynmady