Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi ýanwar, awgust aýlarynyň aralygynda 677,8 million ABŞ dollaryna deň boldy diýip, “Biznes türkmenistan” neşiri Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hasabatyna salgylanyp ýazýar.
Hasabat döwründe Özbegistan Türkmenistandan 581,6 million ABŞ dollaryna deň bolan önümleri import etdi. Bu döwürde Özbegistanyň Türkmenistana eden eksporty 96,2 million ABŞ dollaryna barabar boldy.
Şeýle-de, habarda bellenmegine görä, Özbegistanyň umumy daşary söwda dolanyşygy 8 aýda 51,4 milliard ABŞ dollaryna deň bolup, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8,4 milliard ABŞ dollary möçberinde ýokarlandy.