Türkmen prezidenti 'C5+1' sammitine gatnaşmak üçin Waşingtona ugrady

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow (sagda)

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa-ABŞ sammitine gatnaşmak üçin Waşingtona ugrady. Bu barada döwlet mediasynyň 4-nji noýabrda çap eden habarynda aýdylýar.

Sammit “C5+1” formatynda geçiriler we oňa Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň prezidentleri we ABŞ-nyň prezidenti gatnaşar.

Türkmen prezidentiniň 6-njy noýabrda geçiriljek sammite gatnaşjakdygyny türkmen döwlet metbugaty 28-nji oktýabrda habar beripdi.

Serdar Berdimuhamedow Waşingtonda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen duşuşar diýip, TASS agentligi daşary işler ministri Raşid Meredowyň bu barada hökümet mejlisinde yglan edendigini "Neýtralny Turkmenistan" gazetine salgylanyp, 1-nji noýabrda habar berdi. Türkmenistanyň DIM-niň websaýtynda şeýle duşuşyk barada habar berilmedi.

Waşingtondaky sammit Donald Trampyň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilkinji sammit bolar. Mundan öň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleri ABŞ bilen C5+1 formatynda şol wagtky prezidenti Jo Baýdeniň gatnaşmagynda 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda duşuşypdylar.