Türkmen prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

Serdar Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Ştatlara edýän iş saparynyň çäklerinde BMG-nň Baş sekretary Antonio Guterriş bilen duşuşdy.

Türkmen metbugatynyň ýazmagyna görä, duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň sebitiň döwletleri bilen ählumumy parahatçylygyň, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmagyň bähbidine hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydygy nygtaldy.

Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, BMG tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini, bu wakanyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna gabat gelýändigini aýtdy we Antonio Guterrişi Aşgabatda 12-nji dekabrda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.

Habarda Guterrişiň çakylyk üçin hoşallyk bildirendigi, şeýle-de, Bitarap Türkmenistanyň Merkezi Aziýada hem-de dünýä giňişliginde parahatçylyk taglymlaryny ilerletmekde möhüm ornuny belländigi aýdylýar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Şeýle-de, Berdimuhamedowyň Kuweýtiň mirasdüşer şazadasy Şeýh Sabah Al-Halid Al-Sabah, Eswatininiň patyşasy Mswati III bilen duşuşandygy habar berilýär.