ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp rus prezidenti Wladimir Putinden göwnüniň geçendigini görkezýän pozisiýa üýtgetmesinde, Ýewropadaky ýaranlarynyň kömegi bilen, Ukrainanyň Russiýa tarapyndan basylyp alnan ýerleriniň ählisini yzyna alyp biljekdigini aýtdy.
Tramp mundan öň urşy soňlamak üçin iki tarapyň hem ýer eglişigini etmeli boljakdygyny aýdypdy. Russiýa häzir Ukrainanyň territoriýasynyň bäşden birine golaý ýerine, şol sanda 2014-nji ýylda bikanun anneksiýa edilen Kryma, Gara deňiz ýarym adasyna gözegçilik edýär.
Tramp BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda ýewropaly ýaranlaryň rus nebitini satyn almagy derrew bes etmegini talap edeninden soň, Zelenski bilen geçiren duşuşygynyň başynda žurnalistlere NATO ýurtlarynyň, eger-de olar bileleşigiň howa giňişligine girseler, rus uçarlaryny urmalydygyny aýtdy.