ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, eger-de Russiýa uruş meselesinde parahatçylykly çözügde gelmese, ABŞ-nyň Ukraina uzak aralyga niýetlenen “Tomahawk” ganatly raketalaryny geçirip biljekdigini aýtdy.
Şol bir wagtda, ol bu meseläni Wladimir Putin bilen ara alyp maslahatlaşmak isleýändigini aýtdy.
"Belki-de, men “Tomahawk” barada Russiýa bilen gürleşmelidirin. Olar “Tomahawk” [raketalarynyň] özlerine tarap uçmagyny isleýärlermi? Beýledir öýdüp pikir etmeýärin. Men bu barada, dogrusyny aýtsam, Russiýa bilen gürleşmeli diýip pikir edýärin" diýip, ol Ysraýyla barýan uçara münen žurnalistlere aýtdy.
"Belki, men onuň bilen gürleşerin. Men diňle, bu uruş meselesi çözülmese, men olara “Tomahawk” ibererin diýip bilerin."
Tramp “Tomahawk” raketalarynyň iberilmeginiň urşuň “täze möwjemesine” getirjekdigini aýtdy. Russiýa, onuň aýtmagyna görä, “Tomahawk” raketalarynyň Ukraina iberilmegi gerek däl we parahatçylykly çözgüt tapmaga razy bolmaly. Tramp Putiniň muňa razy boljakdygyna ynanýandygyny, eger razy bolmasa, munuň onuň özi üçin erbet netije berip biljekdigini aýtdy.