ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň liderlerini Waşingtonda geçiriljek Merkezi Aziýa-ABŞ sammitine (C5+1 formatynda) çagyrdy. Duşuşyk 6-njy noýabrda geçiriler.
Bu şeýle formatda geçirilýän ikinji sammit bolar. Birinji sammit 2023-nji ýylda Nýu-Ýorkda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde, Jo Baýdeniň prezidentlik döwründe geçirildi.
Akordanyň 26-njy oktýabrda habar bermegine görä, Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Trampa eýýäm "çakylyk üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip”, hat iberdi.
Bu çakylyk ABŞ-nyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Sergio Gor we döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landau Merkezi Aziýa geleninden soň iberildi. Olar Daşkende 25-nji oktýabrda geldiler.
ABŞ-nyň Döwlet departamenti bu saparyň maksadynyň "söwda hyzmatdaşlygyny, möhüm mineral serişdelerine we energetika maýa goýumlaryny, şeýle-de, C5+1 formatyndaky sebitleýin hyzmatdaşlyklary ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boljakdygyny aýtdy.