Täjik syýasatçysy türmede aradan çykdy

Zubaýdullo Rozik

Täjigistanyň Yslam gaýtadan döreýiş partiýasynyň ýolbaşçylarynyň biri Zubaýdullo Rozik täjik türmesinde aradan çykdy diýip, Azatlyk radiosynyň Täjik gullugy merhumyň garyndaşlaryna salgylanyp habar berýär.

83 ýaşyndaky syýsatçy, garyndaşlarynyň sözlerine görä, uzaga çeken näsaglykdan soň ýogaldy.

Zubaýdullo Rozik 2015-nji ýylyň güýzünde, partiýanyň beýleki agzalary bilen, Täjigistanyň Goranmak ministriniň öňki orunbasary Abduhalim Nazarzodanyň (Hajy Halim) ýolbaşçylygynda harby agdarlyşyk etmek synanyşygy aýyplamalary esasynda tussag edildi. 2016-njy ýylda oňa 25 ýyl türme tussaglygy hökümi çykaryldy.

Rozik 2021-nji ýylda Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmona hat ýazyp, öz işiniň gaýtadan gözden geçirilmegini sorady. Ol özüne bildirilen aýyplamalary toslama diýip atlandyrdy we döwlet baştutanynyň "gozgalaňyň nireden gelip çykandygyny we näme üçin başlanandygyny" bilýändigini öňe sürdi.

Howpsuzlyk güýçleri 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda onuň ogly Asroriddin Rozikowy hem tussag etdi. Ol gadagan edilen syýasy partiýalaryň işini gurnamakda aýyplandy we şol ýylyň dekabrynda bäş ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Täjigistanyň Yslam gaýtadan döreýiş partiýasy 2015-nji ýylda terror guramasy diýlip yglan edildi. Bu guramanyň wekilleriniň ýanalmagy dowam etdirilýär diýip, habarda aýdylýar.