Söhbetdeşlik: Kara-Murza rus oppozisiýasynyň Ýewropa platformasy bilen bagly dartgynlylygyny gowşatmaga çalyşýar

Wladimir Kara-Murza

Bosgunlykdaky rus oppozisiýa syýasatçysy Wladimir Kara-Murza Ýewropa Geňeşiniň Parlament mejlisiniň (PACE) Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň garşydaşlaryna Ýewropanyň esasy adam hukuklary guramasynda has güýçli ses, mümkinçilik bermek karary bilen baglanyşykly daşary ýurtlardaky Kreml garşydaşlarynyň arasyndaky dartgynlygy gowşatmaga synanyşdy.

Kara-Murza Azatlyk Radiosynyň “Current Time” gullugyna beren interwýusynda Russiýanyň daşyndaky Kreml gardyşlarynyň Ýewropa Geňeşiniň Parlament mejlisindäki geljekki wekilleriniň “mümkin boldugyndan iň giň wekilçilik häsiýetlerini özünde jemlemelidigini” aýtdy we munuň “onuň kanunylygyny üpjün edip biljek ýeke-täk zatdygyny” nygtady.

Ol bu barada Ýewropa Geňeşiniň Parlament mejlisi “umumy alada döredýän meseleleri çözmek üçin Russiýanyň Demokratik güýçleri bilen gepleşikleri geçirmek üçin Platforma döretmek” barada ses berişlik geçirenden bäş gün soň, ýagny 6-njy oktýabrda çykyş etdi. Ses berişlikde Platforma döretmek baradaky karar mejlisiň agzalarynyň dördüsiniň saklanmagy we 80 sanysynyň goldap ses bermegi bilen kabul edildi.

PACE bu rezolýusiýanyň “Russiýada durnukly demokratik özgerişleri amala aşyrmak we Ukrainada dowamly we adalatly parahatçylygy gazanmaga ýardam bermek üçin rus demokratik güýçleriniň mümkinçiliklerini güýçlendirmegi, şeýle-de rus aktýorlarynyň amala aşyrylan halkara jenaýatlary üçin jogapkärçiligini üpjün etmegi” maksat edinýändigini aýdýar.

Russiýa 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina giň gerimli çozuşyna başlanyndan birnäçe hepde soň, Ýewropa Geňeşinden we Parlament mejlisinden çykaryldy.

Putiniň hökümetiniň garşydaşlaryna adam hukuklary guramasy bilen gepleşikleri geçirmek üçin platforma bermegiň “taryhy” karar bolandygyny, Kara-Murza Azatlyk Radiosynyň “Current Time” gullugyna beren interwýusynda aýtdy.

“Russiýanyň demokratik oppozisiýasynyň sesi Ýewropa Geňeşiniň diwarlarynda eşidiler” diýip, ol muny “geljegiň, Putinden soňky Russiýany Ýewropanyň hukuk giňişligine we Ýewropa institutlaryna reintegrasiýasy üçin diwarda ýol kartasyny döretmek üçin iň möhüm platforma” diýip atlandyrdy.

Emma PACE-iň karary, sosial ulgamlarda bölünen rus oppozisiýasyndaky käbir şahslaryň we toparlaryň arasynda gahar-gazaply pikir alyşmalaryň emele gelmegine getirdi, we köpden bäri bitewi herekete päsgelçilik döredýän dartgynlygy hasam güýçlendirdi.

Karar bilen baglanyşykly dartgynlygyň esasy çeşmesi, Ýewropa Geňeşiniň Parlament mejlisiniň web sahypasynda rezolýusiýa bilen birlikde çap edilen memorandum boldy. Bu memorandum daşary ýurtlardaky käbir esasy oppozisiýa güýçleriniň sanawyny we Ýewropa Geňeşiniň Parlament mejlisinde rus oppozisiýasyna wekilçilik etjek topara goşulmagyň şertlerini, ölçeglerini öz içine alýar.

Sanawda beýlekiler bilen bir hatarda, Mihail Hodorkowskiý, Garri Kasparow, Kara-Murza we merhum Alekseý Nawalny we onuň häzirki wagtda dul aýaly Ýuliýa Nawalnaýa we beýleki egindeşleri tarapyndan dolandyrylýan Korrupsiýa garşy gaznasy (FBK) dagy bar.

Ýöne onda Korrupsiýa garşy gaznanyň (FBK), gazanan üstünliklerinden başga-da, “rus oppozisiýasynyň içinde tankyt we jedele sebäp bolýan hereketler arkaly ünsi çekendigi” we 2023-nji ýylda Berlinde çap edilen “Rus Demokratik Güýçleriniň Jarnamasyna” gol çekmändigi hem aýdylýar.

“Olary Mejlisiň başlangyçlaryna gatnaşdyrmak boýunça häzirki wagta çenli edilen synanyşyklar şowsuz boldy we häzirki wagtda olar Mejlis tarapyndan kesgitlenişi ýaly Russiýanyň Demokratik Güýçlerine [wekilçilige] laýyk gelmeýär” diýlip, memorandumda bellenilýär.

Bu bölüm Mariýa Pewçih we Leonid Wolkow ýaly FBK-nyň ýokary derejeli şahsyýetleri tarapyndan bellige alnyp, onlaýn tankytlaryň alyş-çalşygynyň döremegine getirdi, käbir halatlarda olar beýleki oppozisiýa şahsyýetlerine gönükdirilýär.

Kara-Murza Nawalnaýanyň we FBK agzalarynyň gowy garşylanmajakdygy baradaky öňe sürmeleri “gülkünç” diýip häsiýetlendirdi we memorandumyň “deslapky resminamadygyny” we delegasiýa döretmek mehanizminiň heniz kesgitlenmändigini aýtdy.

“FBK-nyň Russiýanyň demokratik oppozisiýasynyň öňdebaryjy guramalarynyň biridigi äşgär. Meniň şahsy pozisiýam, olar bu prosese gatnaşmaga hökman çagyrylmalydyrlar” diýip, Kara-Murza belledi.

Putiniň we onuň hökümetiniň uzak wagt bäri garşydaşy Kara-Murza 2022-nji ýylyň aprelinde "Kremldäki diktator režimini” Ukrainada “söweş jenaýatlaryny” etmekde aýyplandan gysga wagt soň tussag edildi.

Ol dönüklikde aýyplanyp, 25 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Bu, Putiniň ýa-da Ukrainadaky söweşiň tankytçysyna berlen iň uzyn möhletli hökümdir. Kara-Murza 2024-nji ýylyň awgust aýynda uly göwrümli tussag alyş-çalşygynda rus tussaglygyndan boşadylan 16 adamyň biridir.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.