Russiýanyň gury-ýer güýçleriniň Ukrainanyň strategiki taýdan ähmiýetli Pokrowsk şäherine girendigi barada maglumatlar gowuşýar. Prezident Wolodymyr Zelenski Pokrowskdäki ýagdaýy “agyr” diýip häsiýetlendirdi we şäherde hem-de onuň töwereklerinde “gazaply” söweşleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.
Zelenski 26-njy oktýabrdaky agşamky wideo ýüzlenmesinde, Russiýanyň Pokrowsk bilen onuň golaýyndaky Myrnohrad ilatly nokadynyň töwereginde köp sanly güýçlerini jemländigini aýtdy. Moskwa Ukrainanyň gündogar sebitlerini ele geçirmek ugrunda uzak wagtdan bäri söweş hereketlerini alyp barýar.
“Olar bu ýerde, Pokrowskyň golaýynda. Ruslar özleriniň esasy, görnetin sandaky urgy güýjüni bu ýerde jemledi” diýip, Zelenski belledi.
“Elbetde, bu Pokrowskda we ýakyn töwereklerde kyn ýagdaýy döretdi -- şäherde we onuň eteginde gazaply söweşler alnyp barylýar. Şäheriň içinde duşmanyň gözleg we diwersiya toparlary hem hereket edýär” diýip, ol aýtdy.
Zelenski ukrain güýçleriniň esasy goranyş çyzyklaryny saklaýandygyny nygtady.
Köp nyşana alnan şäher
Urşuň öň ýanynda 60 müň ýaşaýjysy bolan, häzirki wagtda 7 müňe golaý ilatly Pokrowsk möhüm gara ýol we demir ýol çatryklarynda ýerleşýär. Russiýa bu şäheri gabawa saljak bolup tutuş ýylyň dowamynda hüjüm hereketlerini dowam etdirdi.
Oktýabryň başynda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin rus esgerleriniň şähere girendigini öňe sürüpdi, emma şol wagt ukrain resmileri muny ret edip, Kreml güýçleriniň sebitde uly ýitgiler çekýändigini aýdypdy.
Ukrainanyň Baş harby ştaby 26-njy oktýabrda, 200-e golaý esgerden ybarat birnäçe kiçi rus pyýada bölümleriniň goranyş çyzyklaryny böwsüp, Pokrowskyň içinde orun tutandygyny habar berdi.
Russiýanyň resmileri biränçe sebite zarba uruldy diýýär
Şol bir wagtda, ukrain güýçleri Russiýanyň içinde birnäçe nyşana zarba urdy. Belgorod sebitiniň häkimiýetleri serhede golaý ýerlerde ukrain dronlarynyň 16 adamy ýaralandygyny aýtdy.
27-nji oktýabrda irden Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin we Russiýanyň howa hüjüminden goranyş güýçleri, paýtagta tarap atylan azyndan 34 ukrain dronunyň ýok edilendigini mälim etdiler. Jikme-jiklikler bada-bat aýan edilmedi, emma şäherdäki dört howa menziliniň ikisi wagtlaýynça ýapyldy.
Paýtagta golaý ýerleşýän Tula sebitinde hem 27-nji oktýabrda irden 24 ukrain dronunyň ýok edilendigini sebitiň gubernatory habar berdi. Mundan başga-da, Brýanskyň gubernatory sebite urlan dron zarbasynda bir adamyň ölendigini, bäş adamyň ýaralanandygyny aýtdy.
Soňky hüjümler, 26-njy oktýabrda Kiýewde köp gatly jaýa urlan rus dron zarbasynda üç adamyň ölmeginiň we azyndan 33 adamyň, şol sanda ýedi çaganyň şikeslenmeginiň yz ýanyna gabat geldi.
Ukrain resmileri 26-njy oktýabrda gündogar Sumy şäheriniň golaýynda rus dronunyň mini-awtobusa urup, azyndan 10 adamy ýaralandygyny hem habar berdiler.
Russiýa tas her gije diýen ýaly Ukraina dronlar we raketalar bilen zarba urmagyny dowam etdirýär. Bu hüjümlerde front liniýasyndan uzakdaky şäherleriň, şol sanda paýtagt Kiýewiň köp gatly ýaşaýyş jaýlary we raýat infrastruktura desgalary hem urulýar.
Moskwa şeýle hüjümler bilen baglylykda barha artýan delillere garamazdan, raýat desgalarynyň nyşana alynýandygyny inkär edýär. Kiýew bolsa muňa jogap hökmünde Russiýanyň içinde, käte serhetden uzakdaky sebitlerde hem, harby ähmiýetli diýip hasaplaýan infrastruktura desgalaryna zarba urýandygyny aýdýar.