‘Minerallar diplomatiýasy’. Tramp Merkezi Aziýa liderleri bilen ýokary derejeli sammiti geçirýär

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (sagda) we Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew (arhiw suraty)

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 6-njy noýabrda Waşingtonda ilkinji gezek Merkezi Aziýa döwletleriniň liderlerini kabul edýär. Ýokary derejeli sammitiň öň ýany, döwlet sekretary Marko Rubio regionyň baş diplomatlary bilen gepleşik geçirip, öňümizdäki ýylyň dowamynda sebitiň ähli döwletlerine sapar etmegi meýilleşdirýändigini aýtdy.

“[Merkezi Aziýa döwletleriniň] ähli bäşisine. Bu sapar bir hepde töweregi bolar. Biz munuň üstünde işlemeli we amal bolmagyny bilelikde gazanmaly” diýip, Rubio 5-nji noýabrda çykyş etdi we häzir ABŞ bilen regionyň arasyndaky gatnaşyklaryň "täze döwri" üçin gowy mümkinçilikdigini aýtdy.

Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleriniň penşenbe güni Tramp bilen sammitiniň dowamynda, şol sanda sebitiň döwletleriniň seýrek ýer metallary we beýleki resurslary barada hem gepleşik geçirmegine garaşylýar.

Rubio Döwlet departamentinde geçirilen kabul edişlikde ýurtlaryň tebigy serişdelerini bilelikde ösdürmek boýunça ABŞ-nyň bähbitleriniň Merkezi Aziýa döwletleriniň bähbitleri bilen utgaşýandygyny aýtdy.

Soňky hepdelerde Awstraliýa, Malaýziýa, Taýland we Ýaponiýa bilen dürli minerallar boýunça ençeme ylalaşyk baglaşandan soň, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp indi ünsüni Merkezi Aziýa gönükdirdi.

Degişli maglumat Trampyň Merkezi Aziýa liderleri bilen duşuşygyndan näme garaşmaly?

Regionyň döwletleri baý nebit we gaz serişdeleri bilen tanalýar. Emma sebitiň ABŞ-nyň milli howpsuzlygy üçin möhüm hasaplanýan wajyp minerallar we seýrek ýer metallary boýunça hem aglaba ulanylmadyk baý gorlary bar.

Bilermenler sebitiň döwletleriniň öz mineral baýlyklaryny ABŞ bilen has berk gatnaşyklara öwürmäge synanyşýandygyny aýdýarlar.

“Merkezi Aziýa döwletleri uly rezerwleri we ‘Merkezi geçelgä’ goýberilýän maýa goýumlarynyň artmagy babatynda gowy pozisiýada ýerleşýärler” diýip, Waşingtondaky Ýorktaun institutynyň Turan barlag merkeziniň direktory Jozef Epşteýn Azatlyk Radiosyna aýtdy. Ol bu ýerde, Russiýadan sowa geçip, Hytaýy Merkezi Aziýanyň we Kawkazyň üsti arkaly Ýewropa bilen birikdirmeli 6 müň 500 kilometrlik täze söwda ugruny göz öňünde tutýar.

Sammit Trampyň Aziýa-Ýuwaş umman yklymynda geçiren “mineral diplomatiýasynyň” yzysüre hem-de Hytaý lideri Si Szinpin bilen duşuşygynyň yz ýany geçirilýär. Bu şeýle-de Pekiniň strategiki taýdan möhüm seýrek ýer elementleri boýunça girizen eksport çäklendirmeleri sebäpli güýçlenen söwda urşuna hem gabat gelýär. Hytaý bu elementleriň dünýä üpjünçilik zynjyrynyň üstündenberk gözegçiligi saklaýar.

'C5+1': Format nähili başlady we ABŞ bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklar nähili ösdi

Siniň Tramp bilen duşuşygynyňjemleri boýunça bu çäklendirmeleriň käbirine bir ýyl möhlet bilen arakesmäniň girizilmeginden soň, Waşington indi Hytaýyň tas doly diýen ýaly monopoliýasyny aradan aýyrmak ugrunda tagalla edýär.

Bilermenleriň pikiriçe, Merkezi Aziýa bu ýagdaýda bir-birini tamamlaýan hyzmatdaş hökmünde çykyş edip bilerdi. Sebitiň hökümetleri Hytaýyň we Russiýanyň täsirini deňagramlaşdyrmak, şeýle-de bu iki goňşusyna aşa garaşly bolmazlyk üçin, Amerikanyň maýa goýumlaryna ýykgyn edýärler.

“Pekin hem Waşington bu arakesmäni (eksport çäklendirmelerine goýlan bölekleýin arany) özlerine artykmaçlyk döretmek, indiki söwda dartgynlygynyň tapgyrynda has uly täsir gazanmak üçin ulanmakçy bolýarlar” diýip, Epşteýn aýtdy. “Bu bolsa ABŞ-ny Merkezi Aziýa ýurtlarynyň köpugurly daşary syýasatlaryny saklap galmaga synanyşýan wagtynda deňagramlylyk babatynda has-da özüne çekiji edýär” diýip, ol sözüne goşdy.

Trampyň ýanwarda häkimiýete dolanyp gelenden bäri, möhüm minerallar meselesi Ak tamyň gün tertibini kesgitleýän wajyp ugurlaryň biri boldy. ABŞ-nyň Geologiýa Gullugy ýurduň milli we ykdysady howpsuzlygy üçin “möhüm” hasaplaýan 50-den gowrak mineral serişdesini kesgitledi. Bularyň arasynda seýrek ýer metallary hem bolup, olar ýel turbinalaryndan başlap smartfonlaryň, söweş uçarlarynyň hereketlendirijileriniň önümçiliginde hem ulanylýan 17 elementdir.

Degişli maglumat Russiýanyň energiýa eksportyny gadagan etmegi Merkezi Aziýanyň Moskwa baglylygyny paş etdi

“Mundan başga-da, bu Merkezi Aziýa liderlerine öz içerki ykdysady mümkinçiliklerini gowulandyrmagyň we daşarydan gönüden-göni maýa goýumlarynyň çalt gelmegini gazanmagyň täze usuly bolup biler” diýip, “Nightingale Intelligence” ylmy-barlag merkeziniň ýolbaşçysy Eldaniz Guseýinow Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda, sebitiň mineral baýlyklary meselesinden daşgary-da, energiýa logistikasy, infrastruktura maýa goýumlary, ABŞ-dan sebit ýurtlaryna tehnologiýa geçirmek, bilim alyş-çalyş programmalary we suw serişdelerini dolandyrmak ýaly meselelere hem garalar.

Merkezi Aziýanyň awtoritar dolandyryşly öňki sowet respublikalary ýyllarboýy giň gerimli adam hukuk bozmalaryny amala aşyrmakda aýyplanýarlar. Ýöne bu meseläniň sammitiň gün tertibinde uly orun almagyna garaşylmaýar. Bu ýagdaý käbir hukuk goraýjy guramalarda alada döretdi.

“Merkezi Aziýa-ABŞ sammitinde, esasan hem Merkezi Aziýada repressiýalaryň artýan wagtynda, adam hukuklary meselesi gün tertibiň möhüm bölegi bolmaly” diýip, “Human Rights Watch” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça direktory Hýu Williamson beýanat bilen çykyş etdi.

Degişli maglumat Balkanlylaryň käbiri prezidentiň ABŞ saparyndan 'özgerişe' garaşsa, ýene bir bölegi 'umyt ýok' diýýär

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan, türkmenistanly syýasy bilermenler hem türkmen ýolbaşçylarynyň ABŞ-nyň lideri bilen duşuşygynyň iki ýurt üçin çynlakaý bähbitli bolup biljekdigini, emma munuň üçin amerikan tarapy türkmen häkimiýetlerinden bar bolan anyk kynçylyklara anyk çözgüt tapmagyň zerurdygyny gozgamaly diýip, pikir edýändiklerini bellediler.

Merkezi Aziýa liderleri bu sammitiň öz öňlerinde açýan mümkinçiliklerine göz ýetirýäne çalym edýär. Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew 500 million dollarlyk seýrek ýer metallary taslamalaryny ösdürmek boýunça meýilnamalaryny äşgär etdi. Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hem parlamentde çykyş edip, seýrek ýer metallarynyň “täze nebte” öwrülendigini we olary ösdürmegiň “baş ugur” hökmünde kesgitlenýändigini aýtdy.

Ýöne sebitdäki känleriň uly bölegi henizem doly öwrenilmedik we ulanylmadyk ýagdaýda galýar, şeýle-de kä halatlarda heniz hem sowetler döwründe geçirilen geologiki barlaglara daýanýar.

Merkezi Aziýanyň köp ýurdy eýýämden kanunlaryny magdan çykaryjy kompaniýalary çekmek üçin uýgunlaşdyryp başladylar. Ýöne bu ugurda has köp ABŞ maýasyny çekmek üçin, daşary kapitalyň bazara girmäge päsgelçilik döredýän düzgünleriniň ýeňilleşdirilmegi-de zerur bolup dur; bu hem sammitiň gün tertibindäki meseleleriň biridir.

Anonimlik şertinde gürleşen türkmenistanly syýasatşynasyň bellemegine görä, ABŞ Merkezi Aziýa ýurtlaryna, şol sanda Türkmenistana maýa goýumlaryna gyzyklanýan bolsa, geljekki hyzmatdaşlyk üçin şert hökmünde derwaýys reformalary talap edip bilerdi.

"Amerikan maýa goýumlarynyň we maýadarlarynyň Türkmenistana getirilmeginiň esasy şerti hökmünde ýurtda kazyýet edaralarynyň halkara we garaşsyz metbugata jogap berip bilmegini we amerikan biznesiniň kanuny goraglylygyny üpjün etmek barada, ýurtda dini azlyklaryň, şol sanda Ýegowa şaýatlarynyň kanuny taýdan goragynyň kepillendirilmegi zerur diýmeli. ABŞ we Türkmenistan arasyndaky islendik dialogyň we göterilýän meseleleriň türkmen metbugatynda dolulygyna çap edilmegini üpjün etmek boýunça anyk gepleşikleri geçirmegiň möhümdigini bellemeli" diýip, türkmen bilermeni belledi.

"C5+1" formatyndaky duşuşyklaryň düýbi 2015-nji ýylda ABŞ-nyň şol wagtky döwlet sekretary Jon Kerriniň Merkezi Aziýanyň bäş ýurduna saparyndan soň tutuldy. Daşary işler ministrler derejesinde geçirlen duşuşyklarda özara hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahat edildi. Bu ýylky sammit bu ýygnagyň diňe ikinji gezek prezidentler derejesinde geçirilýändigi bilen alamatlandyrylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.