Hytaý ABŞ bilen söwda urşunda näme üçin seýrek ýer minerallary boýunça täsirini görkezýär?

A close-up of rare earth metal produced at MP Materials' Independence facility in Fort Worth, Texas.

Häzirki zaman önümçiligi üçin zerur we atlaryny dogry aýtmak kyn bolan toprak minerallary ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky barha möwjeýän söwda urşunyň merkezinde durýar.

Elektrik ulaglarynyň batareýalaryndan başlap, möhüm goranyş tehnologiýasyna çenli zerur 17 elementi öz içine alýan möhüm topary emele getirýän bu seýrek minerallaryň global üpjünçiligi, esasan, Hytaý tarapyndan dolandyrylýar.

Pekin indi Waşington bilen söwdanyň ýumrulmagy we dartgynlylygyň ýokarlanmagy sebäpli bu strategiki güýji ulanmaga synanyşýar.

Ýakynda girizilen gümrük salgytlaryna jogap hökmünde Hytaý ABŞ-a ýedi sany seýrek toprak mineralyny satmagy çäklendirdi. Aç-açan gadaganlyk bolmasa-da, bu ädim öndürijilerden eksport ygtyýarnamalary üçin Hytaý hökümetine ýüz tutmagy talap edýär we ABŞ-nyň goranmak pudagy bilen bagly kompaniýalara has agyr degip biljek bahalaryň we üpjünçiligiň peselmegine sebäp bolmagy baradaky aladalary artdyrýar.

Degişli maglumat Seýrek ýer minerallary Ukrainada parahatçylyga itergi bermegiň merkezine düşdi

"20-nji asyrda nebitiň bolşy ýaly, seýrek toprak minerallary 21-nji asyrda möhüm boldy" - diýip, Sirakuza uniwersitetiniň raýat we jemgyýetçilik gatnaşyklary boýunça "Makswell" mekdebiniň kömekçi professory Sean MakFate aýtdy.

"Mikroçipler, ýaşyl tehnologiýa we kwant hasaplamasy hemmesi seýrek toprak minerallaryny talap edýär we bu ýerde Hytaýyň esasy paýy bar. Bu söwdanyň çäginden çykýan milli howpsuzlyk zerurlygydyr" diýip, bilermen belledi.

Pekin dünýädäki seýrek toprak elementleriniň önümçiliginiň üçden iki böleginden gowragyna gözegçilik edýär we olary gaýtadan işlemek kuwwatynyň 90 göteriminden gowragyny dolandyrýar. Şeýle hem Hytaý, gaýtadan işlenen seýrek toprak serişdeleriniň, şol sanda agyr elementleriň we ABŞ-nyň goranmak pudagynda ulanylýan beýleki seýrek minerallaryň eksportyna monopoliýasyny saklaýar. Bu serişdeler söweş uçarlaryny, söweş gämilerini, raketalary, tanklary we lazerleri öndürmek üçin möhüm magnitleri döretmekde ulanylýar.

Hytaýyň bu täze çäklendirmeleri nädip durmuşa geçirjekdigi entek belli däl, emma Waşingtonda ýerleşýän Strategiki we halkara barlaglar merkeziniň (CSIS) hasabatynda, Pekiniň ygtyýarnama sistemasyny döredýändigi bellenip, eksportda arakesme bolmagynyň mümkindigi we käbir amerikan firmalarynyň serişde üpjünçiliginde, hususan-da milli howpsuzlyk pudagyndaky üpjünçilikde bökdençligiň döräp biljekdigi duýduryldy.

"Amerikanyň Birleşen Ştatlary bu üpjünçilik zynjyrlary üçin has ejiz" diýlip, 14-nji aprelde çap bolan hasabatda aýdylýar. "Häzirki wagtda ABŞ-da agyr seýrek toprak elementleriniň önümçiligi ýok".

Hytaý seýrek toprak elementlerini nädip çäklendirýär?

Täze eksport çäklendirmeleri orta we agyr seýrek toprak elementleriniň ýedisine degişlidir: samarium, gadolinium, terbium, disprozium, lutetium, skandium we yttrium. Bularyň her biri goranyş pudagynda möhüm rol oýnaýar.

Mysal üçin, yttrium, reaktiw uçar hereketlendirijileri üçin ýokary temperaturaly örtük hökmünde ulanylýar we olaryň uçýan wagtynda eremeginiň öňüni alýar.

Degişli maglumat "Shemy": Hytaý Kremliň söweş guraly üçin möhüm minerallary nädip üpjün edýär

Analitikler Pekiniň bu garaşlylygy artdyrmak isleýändigini aýdýarlar.

Pentagonda we ABŞ-nyň kompaniýalarynda ätiýaçlyklar bar bolsa-da, olar üpjünçilik zynjyryndaky dowamly bökdençlik üçin ýeterlik hasaplanmaýar.

Üstesine, elementleriň özlerine degişli girizilen gadaganlykdan başga-da, Pekin ABŞ goranyş we howa pudagyna degişli 16 sany guramany eksport gözegçilik sanawyna goşdy, olara goşa maksatly ulanylýan harytlary, şol sanda seýrek toprak elementleri satyn almagyny çäklendirdi.

Sirakuza uniwersitetiniň professory Dimitar Georgiýew Pekiniň soňky çäklendirmelerine "söwda urşy hasam möwjän halatynda eksporty çäklendirip biljekdigini" görkezmek üçin edýän ädimi hökmünde seredýändigini aýtdy.

Şeýle-de bolsa, çäreler we olary güýçlendirmek ukyby Hytaý üçin güýçli gural. Üpjünçiligi çäklendirmek mümkinçiliginden başga-da, Pekiniň bazardaky täsiri bahalary kesgitlemäge we beýleki öndürijilere täsir ýetirmäge, käbir müşderiler üçin çykdajylary ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Degişli maglumat Tramp Putine nebit tarifleri haýbatyny atýar, Zelenskä magdanlar ylalaşygynda basyş edýär

Muny Hytaýyň durmuşa geçiren öňki çärelerinde görmek mümkin. 2023-nji ýylda Pekin çiplerde, radarlarda we emeli hemralarda ulanylýan galiý we germaniý ýaly serişdeleriň eksportyny çäklendiripdi. Ondan soň 2024-nji ýylyň dekabrynda olaryň ABŞ-a eksport edilmegine doly gadaganlyk girizipdi.

Şondan soň bahalar ýokarlandy we dünýä bazarynda bölünişik döredi. Günbatar ýurtlaryndan satyn alnan gallium, Hytaýda satyn alnandan iki-üç esse gymmat boldy.

Strategiki we halkara barlaglar merkeziniň (CSIS) hasabaty Hytaýyň eksport gözegçiliginiň ABŞ-nyň goşunynyň taýýarlygyna gönüden-göni howp salýandygyny duýdurýar we kanun çykaryjylaryň hem-de analitikleriň goranyş önümçiliginde yza galýandygy baradaky aladalary artdyrýar.

ABŞ nädip jogap berip biler?

Bilermenler Hytaýyň basyşy bilen ýüzbe-ýüz bolup, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň özünde önümçiligi ösdürmek we daşary ýurtlarda täze çeşmelere göz aýlamak boýunça syýasaty ýöretmelidigini aýdýarlar.

1980-nji ýyllarda ABŞ seýrek toprak elementlerini öndürmekde öňdebaryjydy, ýöne bahalaryň ýokarlanmagy 2000-nji ýyllaryň başynda Kaliforniýadaky “Mountain Pass” käniniň ýapylmagyna sebäp boldy.

Şondan soň bu magdan käni açyldy we ABŞ-nyň administrasiýalary, şol sanda prezident Donald Trampyň ilkinji möhletinde, seýrek toprak elementlerini gazyp almak we arassalamak boýunça desgalaryna maýa goýumlary yzygiderli bölünip berildi.

Emma seýrek toprak elementleri we beýleki möhüm minerallar boýunça Hytaýyň yzyndan ýetmek köp wagty talap edýär we gymmat düşýär. Bu pudakda işleýänleriň käbiri, Tramp tarapyndan girizilen gümrük salgytlaryň seýrek ýer elementleriň önümçiligini artdyrmak işini kynlaşdyryp biljekdigini belleýärler.

Bu ýagdaýda Amerikanyň Birleşen Ştatlary daşary ýurtlardan üpjünçiligi artdyrmak isleýär, Trampyň administrasiýasy Grenlandiýada we Ukrainada seýrek toprak elementleriň we beýleki möhüm minerallaryň önümçiliginde has köp ygtyýar almak isleýär. Kiýew bilen Waşingtonyň bu ugurdan şertnama baglaşmaga ýakyndygy habar berilýär.

Şeýle hem Waşington Braziliýada we Günorta Afrikada täze magdan känleriniň işlenmegini goldaýar we Tehasda seýrek duş gelýän agyr toprak elementlerini gaýtadan işleýän ilkinji desgany maliýeleşdirýär, ýöne onuň netije görkezip başlamagyna birnäçe ýyl gerek bolar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.