Summary
- Ukrainanyň "Ýaşamak isleýärin" atly taslamasynda müňlerçe merkezi aziýalynyň rus güýçlerine goşulandygy we köplenç girdejili iş teklipleri bilen aldanandygy ýa-da mejbur edilendigi çaklanýar.
 - Bilermenleriň pikiriçe, garyplyk, işsizlik we rus propagandasy merkezi aziýalylary Ukrainadaky söweşe goşulmaga iterýän esasy sebäplerdir.
 
Sundet Pernebek geçen ýyl toýunyň çykdajylaryny tölemek üçin täze girdejili işe girmek maksady bilen Russiýa bardy.
Emma maý aýynda 26 ýaşly gazagystanly bu ýigit Ukrainada dört ýyla golaý dowam edýän uruşda Russiýanyň tarapynda söweşip, öldürilen daşary ýurtlylaryň sanawynda peýda boldy.
Onuň ady döwlet tarapyndan goldanýan "Ýaşamak isleýärin" atly ukrain taslamasy tarapyndan çap edildi, bu taslama rus güýçleriniň düzüminde söweşýän daşary ýurtlylary hasaba alýar.
"Oglum Russiýa gidenden soň, bäş-alty aý töweregi ejesine yzygiderli jaň edýärdi" diýip, Pernebekiň kakasy Bauyržan Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugyna aýtdy.
"Soňky telefon jaňymyzda ol: 'Men 10 günläp tokaýly ýerde işlejek we ol ýerde aragatnaşyk gowşak, şonuň üçin [eger jaň etmesem] aladalanmaň' diýdi. Ondan başga hiç haçan habar almadyk" diýip, Bauyržan gürrüň berdi.
Pernebekiň ene-atasy ogluny tapmaga kömek sorap Gazagystanyň Moskwadaky ilçihanasyna ýüz tutdular, ýöne hiç hili jogap alyp bilmediler. Olar ogluna Russiýada ýokary aýlykly iş teklip edilendigini we onuň nädip soň Ukraina barandygyny özleriniň bilmeýändigini aýtdylar.
Pernebekiň kakasy maşgalada oglunyň simwoliki jaýlanyş dabarasynyň geçirlendigini aýtdy. Emma ol ony gözlemekden ýüz öwürmejekdigini belledi.
"Biz onuň üçin doga etdik, jaýlanyş dabarasyny geçirdik" diýip, ýigidiň kakasy "Ýöne men ony öz gözlerim bilen görüp, özüm jaýlaýançam, gözlegimi bes etmerin" diýdi.
Degişli maglumat 'Ýaşamak isleýärin': 2025-iň başyndan bäri azyndan 122 türkmen raýaty Russiýanyň goşunyna hakyna tutuldy"Ýaşamak isleýärin" atly proýektiň hasabatyna görä, Pernebekiň 2022-nji ýylda Russiýanyň Ukraina giň derejeli çozuşyny başlandan bäri öldürilen ýa-da dereksiz ýiten ýüzlerçe merkezi aziýalynyň arasynda bolandygyna ynanylýar, bu taslama öz sanawyny yzygiderli täzeläp durýar. Hasabatda 400-den gowrak täjik, 300-e golaý gazak, 100-den gowrak özbek we onlarça gyrgyz we türkmen raýatyny öz içine alýar.
Merkezi Aziýadan müňlerçe erkek adamyň Ukrainadaky rus güýçlerine goşulandygy çaklanýar. Käbirleri girdejili iş teklipleri bilen aldanypdyr. Beýlekiler, esasan hem tussag edilenler, rus harbylaryna goşulmaga mejbur edilipdir.
Ukrainada söweşen merkezi aziýalylaryň anyk sany belli däl. "Ýaşamak isleýärin" taslamasy azyndan 3000 adamyň Ukraina söweşe gidendigini çaklaýar. Taslama hakyky sanyň has ýokary bolmagynyň mümkindigini aýdýar.
Ukrain taslamasy öz maglumatlarynyň söweş meýdanyndaky habarlardan, tussaglaryň sorag edilmeginden we ýiten ýakynlaryny gözleýän maşgalalaryň ýüz tutmalaryndan alnandygyny aýtdy.
Azatlyk Radiosy taslama tarapyndan çap edilen atlary ýa-da sanlary garaşsyz ýagdaýda tassyklap bilmedi.
"Sanaw doly däl" diýip, taslamanyň metbugat wekili Witaliý Matwienko Azatlyk Radiosyna aýtdy. "Ölen ýa-da ýiten gazak raýatlarynyň hakyky sany birnäçe esse köp bolmagy mümkin" diýip, ol sözüne goşdy.
"Her aýda diňe Gazagystandan garyndaşlaryny gözleýän maşgalalaryň 50-den gowrak haýyşyny alýarys" diýip, Matwienko habar berdi.
Ukrainada Russiýanyň tarapynda söweşýän merkezi aziýaly migrantlar.
Bilermenler Merkezi Aziýadaky garyplygyň we iş mümkinçilikleriniň ýetmezçiliginiň, şeýle hem rus propagandasynyň netijesiniň merkezi aziýalylary Russiýanyň urşuna goşulmaga iterýän esasy faktorlardygyny aýdýarlar.
"Käbir adamlara Russiýanyň propagandasy täsir edýär. Olar rus telewideniýesini görýärler, abraýly maksat üçin göreşýändiklerine ynanýarlar" diýip, gazak harby analitigi Ermek Seýitbattalow Azatlyk Radiosyna aýtdy. "Beýlekiler bolsa ýokary aýlyk ýa-da rus raýatlygy baradaky wadalar bilen aldanýarlar".
Seýitbattalow sebitde giňden ýaýran işsizligiň we pes aýlyklaryň rus hakyna tutujylaryň öz maşgalalaryny eklemekde kynçylyk çekýän merkezi aziýalylary nyşana almak işini aňsatlaşdyrandygyny sözüne goşdy.
"Siz islendik iş saýtyny açýarsyňyz we [Russiýada] Sibirde, Irkutskda ýa-da Uzak Gündogarda iş hödürleýän bildirişleri görýärsiňiz - ýokary aýlyklar, aňsat iş teklip edilýär. Bu teklipleriň käbiriniň arkasynda adamlary uruş zolagyna iberýän [harby] hakyna tutýanlar bar" diýip, Seýitbattalow aýtdy.
Özbegistanly 23 ýaşly migrant işçi Akbar Gurbonow, Russiýnyň Ukraina bilen serhetdeş Rostow-na-Donu welaýatynda sürüji bolup işlemek üçin girdejili iş teklibine gol çekendigini aýtdy.
Degişli maglumat Özbegistanda Ukrainadaky uruşda Russiýanyň tarapynda söweşen iki adama höküm çykaryldyAzatlyk Radiosyna gowşan wideo ýazgyda Gurbonow soňra iş şertnamasynyň aslynda Russiýanyň harby güýçlerine goşulmak baradaky ylalaşykdygyna düşünendigini we özüniň Russiýanyň güýçleri tarapyndan gözegçilik edilýän Ukrainanyň gündogaryndaky Lugansk sebitine düşendigini gürrüň berdi. Wideolarda Gurbonowyň Özbegistanyň häkimiýetlerine öýüne gaýdyp barmaga kömek etmek üçin ýalbarýandygy görkezilýär.
Azatlyk Radiosy onuň aýdanlaryny garaşsyz ýagdaýda tassyklap bilmedi.
Gurbonowyň ejesi Ruzigul Boboýewa Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda ogluny Ukrainadan gaýtaryp getirmek üçin Özbegistanyň häkimiýetlerine ýüz tutandygyny, ýöne kömek alyp bilmändigini aýtdy.
Şeýle-de, Moskwa Russiýanyň dürli künjeklerinde türmelerden, tussaglyk ýerlerinden we migrasiýa tussaglyk merkezlerinden ýüzlerçe merkezi aziýalyny urşa çekdi.
Merkezi Aziýa hökümetleri öz raýatlaryna daşary ýurtlardaky harby çaknyşyklara gatnaşmakdan saklanmak barada birnäçe gezek duýduryş berdiler, bu bolsa uzak möhletli türme tussaglygy bilen jezalandyrylýan jenaýatdyr. Emma häzirlikçe diňe birnäçe iş suda ýetdi.