Çeh saýlawçylary şu hepdäniň ahyrynda saýlaw uçastoklaryna baranda, köpler bu ýurduň Ýewropa tarapdar ýolundan ýüz öwrüp, Ukrainada basybalyjy rus goşunlaryny yzyna serpikdirmek ugrundaky uruş dört ýyla golaý wagt bäri dowam edýän mahaly, Kiýewiň iň tutanýerli tarapdarlaryndan birini ýitirmeginden aladalanýarlar.
Pikir soralyşyklaryň aglabasy milliarder Andreý Babişiň (Andrej Babis) we onuň populist ANO partiýasynyň 3-4-nji oktýabrda geçiriljek parlament saýlawlarynda 30% töweregi ses alyp, ýeňiş gazanjakdygyny görkezýär.
Bu, Babişiň marginal partiýalar bilen koalisiýa hökümetini döretmeli boljakdygyny aňladýar. Bu ýagdaý, ýurdy Ukraina baradaky garaýyşlary babatynda Wiktor Orbanyň Wengriýasyna we Robert Fikonyň Slowakiýasyna has ýakynlaşdyryp, Kiýewe edilýän kömegiň bes edilmegine we Çehiýanyň Günbatar institutlaryna agza bolmak höwesiniň azalmagyna getirip biler.
Pikir soralyşyklar boýunça syýasy analitik Maýkl Aşkroft (Michael Ashcroft) bir analizde çehleriň “Kiýewiň nukdaýnazaryndan Merkezi we Gündogar Ýewropadaky aladaly tendensiýa, ýagny Wengriýanyň we Slowakiýanyň hökümetleriniň bar bolan pozisiýasyna goşulyp biljekdigini, we Polşanyň täze prezidentiniň hem Ukrainanyň özygtyýarlylygyny goramaga has az meýillidigini” aýtdy.
“Munuň netijeleri Ukrainany Günbatar Ýewropaly hyzmatdaşlaryndan üzňeleşdirmegi, harby üpjünçiligiň kesilmegini we ýaranlygyň içinde has köp bölünişigiň bolmagyny öz içine alyp biler” diýip, Aşkroft belledi.
Çehiýanyň gözleg topary, saýlaw kampaniýasynyň soňky hepdelerinde Russiýa tarapdar gürrüňleri güýçlendirmegi we radikal partiýalary goldamagy maksat edinýän 300-e golaý näbelli TikTok hasabynyň üstüni açdy.
Onlaýn töwekgelçilikler boýunça gözleg merkezi (The Center For Research Into Online Risks) 28-nji sentýabrda ýaýradan beýanatynda millionlarça “followeri”, ýagny yzarlaýjysy bolan çeh TikTok hasaplarynyň “manipulirlenen aragatnaşygyň üsti bilen Russiýa tarapdar propagandany we sistema garşy partiýalara goldawy yzygiderli ýaýradýandygyny” aýtdy.
Merkez bu TikTok hasaplarynyň haýsydyr bir syýasy gurama bilen baglanyşykly däldigini, munuň ýerine “bir wagtyň özünde köp sanly sistema garşy partiýa berilýän goldawy birleşdirýändigini” hem belledi.
“Bu hasaplaryň [yzarlaýjylaryň arasyndaky] umumy elýeterliliginiň hepdelik sany 5-den 9 milliona çenli bolup, bu, Çehiýanyň iň uly syýasy partiýalarynyň ýolbaşçylarynyň resmi TikTok hasaplarynyň görkezijilerinden has ýokarydyr” diýlip, beýanatda aýdylýar.
Analitikler Babişiň häkimiýeti dolandyrmak üçin koalisiýa zerurlyk duýmagynyň mümkindigini aýdyp, häzirki wagtda esasy zadyň haýsy partiýalaryň parlamente girmek üçin ýeterlik ses aljakdygyna gözegçilik etmekden ybaratdygyny belleýärler.
Häzirki premýer-ministr Petr Fialanyň “Raýat demokratlar” pasrtiýasyny öz içine alýan merkezi sagçy partiýalaryň bileleşigi “Spolu-nyň” (Bilelikde) 20% töweregi, häzirki Günbatara tarapdar koalisiýa hökümetiniň beýleki partiýalary “Stan-yň” (häkimler we garaşsyzlar) we “Garakçylar-yň” hersiniň 10-12 göterim ses almagyna garaşylýar.
Bu partiýalaryň hemmesi “ANO” bilen koalisiýa döretmek ýa-da ony bir partiýaly azlyklaryň hökümeti hökmünde kanun taslamasyny kabul etmek üçin sesler bilen goldamak islemeýändiklerini mälim etdiler.
Ýöne bu saýlawdan öňki gepleşikler bolup, esasanam has radikal koalisiýa alternatiwalarynyň Çehiýanyň Günbatara tarap ugruny bozup biljekdigi baradaky aladalaryň arasynda, ses berişlikden soň ýagdaý üýtgäp biler. Olar kiçi koalisiýa hyzmatdaşlary hökmünde Daşary işler ministrliginde we Goranmak ministrliginde möhüm wezipeleri talap edip bilerler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.