ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň arasynda yglan edilen duşuşygyň yza süýşüriljekdigine çalym edýär. Muňa iki ýurduň baş diplomatlarynyň taýýarlyk gepleşikleriniň bökdemegi sebäp boldy.
CNN 21-nji oktýabrda ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio bilen Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasyndaky gepleşikleriň yza süýşürilendigini habar berdi.
Munuň yz ýany, Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary munuň hatda meýilleşdirilmändigini aýtdy.
“Ylalaşylylmadyk bir zady yza süýşürmek mümkün däl. Günbataryň käbir çeşmeleri düýn näme ýazan bolsalar, biz muny tassyk etmeýäris. Şeýle aragatnaşyk boýunça wagt ýa-da ýer barada umuman ylalaşygymyz ýokdy” diýip, RIA Nowosti rus resmisiniň sözlerini getirdi.
Tramp bilen Putiniň Budapeştdäki sammiti baradaky pikir 17-nji oktýabrdaky telefon söhbetdeşliginde orta atylypdy.
Şondan soň, gepleşiklere ýol açmak üçin Rubio bilen Lawrowyň öňünden duşuşmagyna garaşylýardy.
ABŞ-nyň Döwlet departamenti 20-nji oktýabrda Lawrowyň Rubio bilen telefon arkaly gepleşik geçirendigini tassyklady.
Russiýanyň DIM-i söhbetdeşligi “konstruktiw” diýip häsiýetlendirdi. Döwlet departamenti bolsa beýanatynda Rubionyň “geljekdäki gatnaşyklaryň, prezident Trampyň garaýşyna laýyklykda, Russiýa-Ukraina urşuna durnukly çözgüt getirmek ugrunda Moskwa bilen Waşingtonyň hyzmatdaşlygyny ilerletmek üçin mümkinçilik bolup durýandygyny nygtandygyny” aýtdy.
Tramp 20-nji oktýabrda urşy bes etmek boýunça Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky ylalaşyga gelmek synanyşyklarynyň dowam edýändigini we ylalaşyk gazanylmasa, netijeleriniň agyr boljakdygyny duýdurdy.
“Biz henizem [urşy togtatmak boýunça] ylalaşyk taýýarlamak prosesinde. Bu başa barsa, ajaýyp bolar. Bolmasa-da, köp adam gaty agyr tölegi tölär” diýip, Tramp Ak Tamda Awstraliýanyň premýer-ministri Entoni Albanese bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda aýtdy.
Geçen hepde Tramp Ukrainada ok atyşyklary togtatmak ugrundaky tagallalaryny güýçlendirip, Putin bilen telefon arkaly gürleşdi we Ak Tamda Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen duşuşdy.
Zelenski bilen geçirilen gepleşikleriň aglaba anyk netijesiz tamamlanandygyna meňzeýär.
Zelenski hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli resmileri Putiniň urşy tamamlamak meýillerini soraga alýarlar, we bu garaýyşlaryna ýene bir gezek ünsi çekip, 21-nji oktýabrda bilelikdäki beýanat çap etdiler.
Muňa garamazdan, Zelenski Wengriýanyň paýtagtynda parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşmaga “taýýardygyny” mälim etdi.
Wengriýa sammit boýunça meýilnamalaryny öňe ilerletmegini dowam etdirýäne çalym edýär. Ýurduň daşary işler ministri Budapeştdäki brifingde 21-nji oktýabrda Waşingtona sapar etjekdigini mälim etdi, ýöne syýahat barada jikme-jik maglumat bermedi. Diplomatik çeşmeler Azatlyk Radiosyna NATO-nyň baş sekretary Mark Rutteniň hem 22-nji oktýabrda Waşingtona ugramagynyň ähtimaldygyny aýtdylar.
Zelenski sosial ulgamlarda şu hepdäniň dowamynda “Ýewropada köp duşuşyklaryň we gepleşikleriň” geçiriljekdigini aýtdy. Metbugat habarlaryna görä, ol 24-nji oktýabrda Londona sapar eder we şol ýerde geçiriljek Ukrainanyň 20-den gowrak Günbatar ýaranyny birleşdirýän “Meýilli ýurtlaryň koalisiýasynyň” maslahatyna gatnaşar.