Aşgabatda Gurbannazar Ezizowyň 85 ýyllyk ýubileýi bellenýär

Gurbannazar Ezizow. Arhiw suraty

Döwlet eýeçiligindäki metbugat Türkmenistanda noýabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň arasynda şahyr Gurbannazar Ezizowyň 85 ýyllyk ýubileýiniň hem bellenjekdigini habar berýär.

“Noýabr aýynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabara hem guralar” diýip, “Türkmenportal” resmi habara salgylanyp ýazdy.

Türkmen metbugaty fewral aýynyň aýagynda mart aýynyň ilkinji gününde ýurduň Suratkeşler birleşiginiň Sungat galereýasynda şahyr Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik sergisiniň açyljakdygyny habar berdi.

Bu sergide Gahryman Goçmyradow, Begenç Berkeliýew, Amanmyrat Modyýew, Rahman Rahmanow, Perhat Işangulyýew ýaly tanymal suratkeşleriň eserleri görkezildi.