Russiýanyň raketa we dron hüjümleri netijesinde Ukrainada azyndan alty adam heläk boldy, şol sanda çagalar bilen birlikde onlarça adam ýaralandy. Rus goşunlary ýurduň gündogaryndaky strategiki taýdan möhüm Pokrowsk şäheriniň töwereginde hüjümleri güýçlendirýär.
30-njy oktýabrda prezident Wolodymyr Zelenski bu hüjümleri “yzly-yzyna amala aşyrylan, utgaşdyrylan zarba” diýip atlandyrdy we rus güýçleriniň 650-den gowrak drony hem-de dürli görnüşli, şol sanda ballistik raketalardan 50-den gowragyny atandygyny aýtdy.
Ukrain resmileri günortadaky Zaporižýe şäherinde iki adamyň, Slowýansk we Kramatorsk şäherlerinde bolsa ýene dört adamyň heläk bolandygyny aýtdy.
Demirgazyk-gündogardaky Sumy şäherinde hem gijara zarbalar hasaba alyndy. Ýerli resmiler bir sagadyň içinde 10 rus dronunyň raýat infrastrukturasyny nyşana alyp, azyndan iki ýaşaýyş jaýyna zyýan ýetirendigini habar berdiler.
Zaporižýedäki hüjümden soň halas edijiler zarba netijesinde ýumrulan ýaşaýyş jaýlarynyň galyndylarynyň aşagyndan iki adamyň jesedini çykardylar. Mundan başga, ýurduň günbatar-merkezi Winnytsýa sebitinde rus zarbasynda ýaralanan 7 ýaşly gyz soňy bilen hassahanada aradan çykdy.
Milli Energetika Kompaniýasy “Ukrenerho” Moskwanyň Ukrainanyň energiýa infrastrukturasyna edýän giň göwrümli howa zarbalarynyň ýurduň köp sebitinde elektrik togunyň kesilmegine sebäp bolandygyny aýtdy.
NATO we ÝB agzasy Polşa bilen serhetleşýän günbatar Lwiw sebitinde iki energiýa desgasy nyşana alyndy diýip, ýerli häkimiýetler habar berdi.
“Russiýa gyşyň öňüsyrasynda ukrainalylaryň durmuşyna, mertebesine we ýylylygyna zarba urup, öz ulgamlaýyn terroryny dowam etdirýär” diýip, Ukrainanyň premýer-ministri Ýuliýa Swirýdenko X platformasynda ýazdy.
Russiýanyň Goranmak ministrligi 30-njy oktýabrdaky beýanatynda öz harby güýçleriniň “Russiýada raýat nyşanalaryna edilen ukrain hüjümlerine” jogap hökmünde, Ukrainanyň harby-senagat desgalaryna, energiýa infrastrukturasyna we harby aeroportlaryna garşy giň göwrümli gije zarbasyny amala aşyrandygyny öňe sürdi.
“Zarba öz maksatlaryna ýetdi, bellenen ähli nyşanlar uruldy” diýip, ministrlik aýtdy.
Ukrainanyň Baş harby ştabynyň serkerdesi, Pokrowsk–Myrnohrad ugryndaky öň hatar pozisiýalaryna baryp göreninden soň, rus goşunlarynyň gündogardaky Pokrowsk şäheriniň töwereginde hüjümlerini güýçlendirýändigini aýtdy.
Oleksandr Syrskiý Telegramda Ukrainanyň bu hüjümleri yzyna serpikdirmek üçin goranyşyny berkidýändigini ýazdy.
“Ýagdaý kyn, emma Pokrowskda, şeýle-de Kupýanskda Ukrainanyň goranyş güýçleriniň güman edilýän ‘gabawa alynmagy’ baradaky rus propagandasynyň öňe sürmeleri hakykata gabat gelmeýär” diýip, Syrskiý 30-njy oktýabrda belledi.
Urşuň öň ýanynda 60 müň ýaşaýjysy bolan, häzirki wagtda 7 müňe golaý ilatly Pokrowsk möhüm gara ýol we demir ýol çatryklarynda ýerleşýär. Russiýa bu şäheri gabawa saljak bolup tutuş ýylyň dowamynda hüjüm hereketlerini dowam etdirdi.
Oktýabryň başynda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin rus esgerleriniň şähere girendigini öňe sürüpdi, emma şol wagt ukrain resmileri muny ret edip, Kreml güýçleriniň sebitde uly ýitgiler çekýändigini aýdypdy.
26-njy oktýabrda Ukrainanyň Baş harby ştaby Russiýanyň birnäçe pyýada bölüminiň, jemi hasapda 200-e golaý esgeriň goranyş çyzyklaryndan sowa geçip, Pokrowskda ýerleşendigini habar berdi.
Forum