Ýewropa Komissiýasy şu aýyň başynda sanksiýalar baradaky soňky teklibini agza ýurtlaryna ýollanda russiýalylar üçin syýahatçylyk wizasynyň gadagan edilmegini girizmekden ýüz öwürdi.
Bileleşigiň köp ýurtlary, ilkinji nobatda esasy syýahatçylyk ugurlary bolan ýurtlar, düzülen taslama milli hökümetlere iberilmezden ozal ÝB-niň ýerine ýetiriji häkimiýeti bilen geçirilen resmi däl gepleşiklerde beýle ädime garşy çykjagyny aýtdylar.
Ýöne indi, Ýewropa Komissiýasy muňa derek rus diplomatlarynyň ÝB-ne agza ýurtlarynyň çäginde hereketini teoretiki taýdan çäklendirjek başga bir çäräni teklip etdi.
Azatlyk Radiosy tarapyndan görlen iki sahypalyk bu resminama 26-njy sentýabrda Bileleşigiň ilçilerine iberildi.
Bu diňe rus diplomatlaryna degişli däl. Olaryň maşgala agzalary we diplomatik wekilhanalaryň ýa-da konsullyk edaralarynyň dolandyryş we tehniki işgärleri dokumentiň täsiri astyna düşýär.
Bu ädim başyndan bäri delillendirilýär - bu adamlar "köplenç Russiýanyň Ukraina garşy agressiýasyna goşant goşýan çärelere gatnaşýarlar, hususan-da urşuň sebäpleri, onuň ýüze çykmagy ýa-da Bileleşigiň hem-de agza döwletleriň Ukrainany goldamakdaky roly barada rus ritorikasyny ýaýradýarlar".
Resminamada görkezilmedik bolsa-da, rus agentleriniň dürli diwersiýa hereketlerini amala aşyrmak üçin bileleşige agza döwletlerine diplomatik örtügi bilen iberilmegi bilen bagly birnäçe ýagdaý bolupdy, bu bolsa Ýewropa ýurtlarynyň köpüsiniň soňky ýyllarda öz giňişliklerinde Russiýanyň diplomatiki wekilleriniň düýpgöter azaltmagyna sebäp boldy.
Russiýanyň çak edilýän gibrid hereketleri bilen ençeme gezek ýüzbe-ýüz bolan Çehiýa, iki ýyldan gowrak wagt bäri rus diplomatlarynyň hereketini çäklendirmek üçin tagalla edýär.
Praga bu pikirini ilkinji gezek öňe sürende agza döwletleriň köpüsi ony ret edipdi, emma soňky hepdelerde onuň meşhurlygy artdy, sebäbi pilotsyz uçar hüjümleriniň we ÝB-niň çäginde bolup geçen beýleki wakalaryň arkasynda Moskwanyň durýandygyna ynanylýar.
30-njy sentýabrda Çehiýanyň häkimiýetleri dürli ýerlerde ýerleşýän rus diplomatlarynyň Merkezi Ýewropa ýurtlaryna girmegini birtaraplaýyn gadagan edýändiklerini habar berdiler.
"Diwersion amallary köpeldi we biz agentleriň diplomatik örtüginde işlemegi üçin töwekgelçilige ýol bermeris" - diýip, daşary işler ministri Ýan Lipawskiý X-da ýazdy. "Biz beýleki ýurtlara görelde bolarys we men şengen derejesinde iň berk çäreleri gazanmagy dowam etdirerin".
Şeýle-de bolsa, bu pikir geçen hepde Brýusselde ÝB diplomatlarynyň arasynda ara alnyp maslahatlaşylanda şeýle çäräniň Ýewropa Bileleşiginiň hemme ýerinde girizmek teklibine, esasanam, onuň täsirliligine we berip biljek syýasy signallaryna şübhe bildirilipdi.
Agyr mesele
Munuň sanksiýa çäresidigi göz öňünde tutulanda, 27 agza döwletleriň hemmesi bu meselede ylalaşmaly, bu bolsa aňsat däl.
Esasy sorag, onuň iş ýüzünde nädip işlejegine bagly.
ÝB agza ýurtlaryň köpüsi serhet gözegçiligi bolmadyk pasportsyz şengen zonasynda ýerleşýär.
Meselem, Çehiýada işleýän rus diplomaty ÝB-niň dürli goňşy ýurduna jemgyýetçilik transporty ýa-da öz şahsy awtoulagy bilen baryp bilýär, serhetden geçende resminama görkezmäge zerurlyk bolmaýar.
Çehiýanyň teklibiniň maksady iň bolmanda teoriýada, diplomatlary, olaryň maşgala agzalaryny we beýleki diplomatik işgärleri ýerleşýän ýerinden ÝB-niň başga agza ýurtlaryna syýahat etjekdikleri barada öňünden habar bermäge borçly etmekden ybarat.
Bu ýagdaýda agza döwletler rus diplomatlarynyň öz territoriýalaryna girmegini inkär edip bilerler, bu karar bäş gün öňünden beýleki ýurtlara habar beriler.
Simwoliki hereket?
Emma haýsydyr bir rus resmisi ÝB-niň başga döwletine syýahat etmek üçin rugsat almagyň töwekgelçiligi barada bilse, näme üçin ýüz tutsun?
Galyberse-de, olaryň tutulmagyna gaty az mümkinçilik bar.
Eger şeýle bolsa, islenilmeýän şahs diýlip yglan edilip bilner we olara kabul edýän ýurdy tarapyndan kowulmak howpy abanýar. Çäreleriň kimdir birini deslapky rugsatsyz syýahat etmäge synanyşmakdan saklamak üçin näderejede berk boljagy sorag döredýär.
Çehiýanyň teklibine şübheli garaýan ýurtlar ýolda şahsyýetleri yzarlamaga mümkinçiligiň uly däldigini we adamlaryň hereketlerine yzygiderli gözegçilik etmek üçin polisiýa we serhet gözegçilik gullugynyň işgärlerinden gaty köp tagallanyň gerek boljakdygyny bellediler.
Käbir paýtagtlarda aragatnaşyk kanallaryny açyk saklamak pikiri henizem güýçli bolansoň, daşary ýurt diplomatlaryny nyşana alýan çärelerden ägä bolmaga ýykgyn edilýär.
Şeýle-de, käbirler Moskwanyň ýurtlaryň Russiýadaky konsullyklaryny ýa-da ilçihanalaryny doly ýapyp, ar almagyndan alada edýärler.
Argument hökmünde munuň esasan simwoliki ädim bolup, agza döwletlere Kremliň Ukrainadaky söweşlerinden has köp zyýan ýetirip biljekdigi görkezilýär.
Forum