Özbegiýanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew 23-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň çäklerinde, BMG-niň baş edarasynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen duşuşdy.
Özbegistanyň prezidentiniň metbugat gullugynyň habaryna görä, iki ýurduň liderleri strategiki hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we 5-nji sentýabrda geçirilen telefon söhbetdeşliginde gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine baha berdiler.
Tramp bilen Mirziýoýewyň duşuşygy Özbegistanda göni ýaýlymda görkezildi. Tramp Mirziýoýewy "örän hormatlanylýan lider" diýip häsiýetlendirdi.
Mirziýoýew muňa jogap edip, Trampa minnetdarlyk bildirdi we rus dilinde gürläp, ony BMG-niň mejlisinde eden çuň manyly çykyşy bilen gutlaýandygyny, bu çykyşyň ajaýyp bolandygyny aýtdy.
Şeýle-de, ol Trampa "konfliktleri, hususan-da Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky konflikti bes edendigi üçin" minnetdarlyk bildirdi.
"Siz Nobel baýragyna hemme kişiden beter mynasyp. Biz muny aýtdyk we aýtmagy dowam etdireris!" diýip, özbek prezidenti sözüniň üstüni ýetirdi.
Gepleşikleriň ahyrynda Mirziýoýew Trampy özi üçin amatly wagtda Özbegistana resmi sapar etmäge çagyrdy.