Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda içerki migrantlar resmi hasaba durmakda kynçylyk çekýär, para bilen 'çözmeli' bolýar


Işçiler Aşgabadyň daşyndaky gara ýoly bejerýär. (arhiw suraty)
Işçiler Aşgabadyň daşyndaky gara ýoly bejerýär. (arhiw suraty)

Paýtagtyň migrasiýa gullugy ýurdyň beýleki welaýatlaryndan baran raýatlaryň hasaba durmagyna gözegçiligi güýçlendirýär. Azatlygyň paýtagtdaky habarçylary we çeşmeleri soňky hepdelerde Aşgabatda hasaba durmadyk migrantlaryň tutulyp, şäherden çykarylýan halatlarynyň köpelendigini habar berýärler.

Aşgabatda zähmet çekýän welaýat ýaşaýjylary özleriniň hasaba durmazdan, bikanun ýagdaýda islemäge mejbur bolýandygy, sebäbi resmi hasaba durmakda dürli päsgelçilikleriň döredilýändigini we olary para bilen çözmegiň teklip edilýändigini aýdýarlar.

Şu hepde Aşgabatdan çykarylyp, welaýatlaryna ugradylan daşoguzly hem-de lebaply ýaşaýjylar migrasiýa gullugyna baryp, paýtagtda wagtlaýyn hasaba durmak işiniň uzaga çekýändigini, bu aralykda polisiýanyň migrantlary ele salýandygyny gürrüň berdiler.

“Men migrasiýa gullugyna bardym, bir hepdeden gel diýdi. Emma işleýän ýerimde araçylar bar diýdiler we olara parasyny berseň propiskany bir günüň dowamynda alyp bolýanlygyny aýtdy. Men para beresim gelmedi, emma bu aralykda meni polisiýa tutdy we Lebaba deportasiýa etdi” diýip, lebaply işçi gürrüň berdi.

Paýtagtdan çykarylan daşoguzly öz ýagdaýy barada şeýle gürrüň berdi: “Welaýatdan bardym we garbanyşhanada işläp başladym. Başlyk, migrasiýa baryp propiska al diýdi. Migrasiýa bardym, propiska berýän bölüme öňünden ýazylmaly ekeni. Emma ertesi güni polisiýa iş ýerimize geldi we meni tutyp, otla mündürdi”.

Paýtagtda işleýän ýene bir daşoguzly para bilen hasaba durmagyň iş ýerinde guramaçylykly geçirilýändigini we özüniň töländigini aýtdy.

“Men gurluşykda iş bar diýip paýtagta geldim. Brigadir men ýaly beýleki welaýatlardan getirilen gurluşykçylardan 200 manatdan pul ýygnap 'wagtlaýyn propiska üçin migrasiýa tölemeli, bolmasa, baryňy deportasiýa ederler’ diýip, aýtdy. Meniň bilen paýtagta gelen goňşym bolsa, wagtlaýyn hasaba durmanlygy sebäpli polisiýa tarapyndan saklanyp deportasiýa edildi” diýip, daşoguzly gurluşykçy gürrüň berdi.

Türkmenabat şäheriniň kanun goraýjy edaralaryna ýakyn çeşme içerki migrantlary anyklap, tutmak işiniň migrasiýa hem-de polisiýa işgärleriniň bilelikde alyp barýandygyny belledi. Onuň sözlerine görä, para bilen hasaba durmagy teklip edýän araçylar hem bu edaralar bilen ilteşikli hereket edýär.

“Migrasiýa we polisiýa bilen işleýän araçylar, welaýatdan gelen migrantlaryň barlygyny ýerli polisiýa duýdurýarlar. Migrant para berip, propiskany alasy gelmese, aradaky adamlar dessine polisiýa habar berip, olary deportasiýa edýärler ýa-da olardan para alýarlar” diýip anonimlik şertinde gürleşen lebaply çeşme gürrüň berdi.

Çeşmeleriň sözlerine görä, wagtlaýyn hasaba durman, şäherden çykarylan işçi migrantlara, şäheriň çägine belli bir wagt aralygynda girmek gadagan edilýär.

Azatlyk Radiosy döwlet migrasiýa gullugyndan we polisiýa wekillerinden resmi teswir alyp bilmedi.

Paýtagt ýurduň beýleki sebitlerine garanda iş we gazanç üçin has amatly hasaplanýar. Paýtagtda içerki migrantlar iň agyr we az aýlykly işlerde işlemäge razy bolýarlar. Oba ýaşaýjylary iş gözläp, welaýat merkezlerine hem köp barýarlar.

Hasaba durmak prosesiniň kyndygyny aýdýan migrantlar para bermeli bolýarlar ýa-da bikanun şertde işläp, tutulmak töwekgelçiliginde ýaşaýarlar.

Paýtagtyň polisiýasy işçi migrantlary tutmak boýunça çärelerini wagtal-wagtal güýçlendirýär. Adatça bu baýramçylyklaryň we resmi çäreleriň geçiriljek wagtyna gabat gelýär. Migrantlar köpçülikleýin tutulýar we welaýatlaryna ugradylýar, ýa-da olara wagtlaýyn tussag etmek ýa-da jerime töletmek ýaly jeza berilýär.

Şeýle-de polisiýa tarapyndan tutulan içerki migrantlar gan tabşyrmaga mejbur edilýär, ýa-da oba hojalykda işledilip, pagta ýekelemek ýaly işlere çekilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG