Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenbaşy jinsi toplumy 'çökýär', işgärler 3 aý bäri aýlyksyz işleýär


Azatlygyň habarçysy Gypjak ýasaýyş toplumynda gurlan we häzirki wagtda oba hojalyk toplumyna degişli bolan, et we süýt önümlerini öndüren “Altyn halka” kärhanasynyň öz işini doly togtadandygyny habar berýär. Şeýle-de, Azatlygyň çeşmesi çagalar iýmitini gaplaýan "Körpe'' kärhanasynyň öz işgärlerine aýlyk berip bilmeýändigini, sebäbi onuň bank öňündäki borçlaryny üzmek mümkinçiliginiň ýokdugyny habar berýär.

Çeşmeleriň aýtmaklaryna görä, “Körpäniň” öndürýän önümleriniň alyjysy az we, munuň üstesine, hökümet tarapyndan berilýän ýeňillikli karzlaryň berilmezligi kärhananyň ‘bagryny ýere bermegine’ sebäp boldy.

Saparmyrat Nyýazowyň prezidentlik eden ýyllarynda türk firmasy tarapyndan gurlan Türkmenbaşy jinsi toplumy hem, çeşmeleriň aýtmaklaryna görä, “ykdysady taýdan kyn ýagdaýa düşdi.

Anonimlik şertinde gürleşen hasapçy jinsi toplumynyň kyn ýagdaýa düşmegini ýurtdaky pul, maliýe meseleleri, milli puluň daşary ýurt walýutalaryna konwertasiýa edilmegine, erkin alyş-çalyş edilmegine girizilen gadaganlyklar we beýleki kynçylyklar bilen baglanyşdyrdy.


Onuň tassyklamagyna görä, Türkiýäniň işewür şirketleriniň bu fabrik bilen edýän hyzmatdaşlygyny kesmegi netijesinde, jinsi toplumynyň öndürýän önümleriniň hili ‘örän peseldi’ we olar Hytaýda öndürilen ýeňil senagat önümleri bilen bäsleşmek ukybyny ýitirýär.

“Hil meselesi önümleriň hyrydarynyň kem-kemden azalmagyna getirdi, fabrigiň ammarlary hyrydar tapylmaýan önümlerden doldy, geçmän galan harytlar fabrigiň geljegini sorag astyna salýar. Hyrydar bolmasa, girdeji hem bolmaýar” diýip, çeşme aýtdy.

Onuň sözlerine görä, gije-gündiz işleýän fabrigiň ýüzlerçe işgärine üç aý bäri zähmet haklary tölenmeýär.

Azatlyk bu maglumaty resmi ýagdaýda tassykladyp ýa inkär etdirip bilmeýär.

“Gara gargada algym bolsa, gyş bermese, ýaz berer" umydy

Azatlygyň habarçy bu toplumyň işgärleriniň käbiri bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş boldy. Toplumyň golaý-goltumynda ýaşaýan ýaşaýjylaryň biri işgärleriň, ýurtdaky ýiti işsizlik, başga gazanç mümkinçiliginiň tapylmazlygy sebäpli, aýlyk berilmese hem işleýändiklerini aýtdy.

“Gara gargada algym bolsa, gyş bermese, ýaz berer diýen umyt bilen, adamlar işlemeklerini dowam etdirýärler. Fabrigiň ýolbaşçysy işgärleriň sanyny kemeltmegiň kül-külüne düşüp, dürli bahana arap, işgär sanyny azaltjak bolýar. Elbetde, Nyýazow diri bolanlygynda, bu ýagdaýa ýol bermezdi” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi Gypjagyň we bu töwerekdäki beýleki obalaryň ýaşaýjylarynyň Berdimuhamedowlardan ‘gaty nägile bolýandygyny’ hem sözüne goşdy.


Türkmen metbugaty ýurtda açylýan kärhanalar, olaryň döwrebaplaşdyrylyşy hakynda dabaraly maglumatlary çap edýär, ýöne çökýän kärhanalar, işini ýitirýän adamlaryň sany ýa-da gijikdirilýän aýlyklar barada hiç wagt maglumat bermeýär.

Türkmen metbugatynda şu ýylyň martynda peýda bolan habarda aýdylmagyna görä, maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi, häzir işini togtadandygy aýdylýan “Altyn halka” maldarçylyk fermasy hem döwrebaplaşdyrylýar.

bar bolan binalaryň durkuny täzelemek, goşmaça binalary we desgalary gurmak, olara häzirki zaman enjamlaryny ornaşdyrmak, zerur bolan oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny, ýöriteleşdirilen awtoulaglary, ýokary önüm berýän gara mallary satyn almak göz öňünde tutulýar diýip, prezidentiň gol çeken kararynda bellenýär.

30 ýaşly toplum 'kyn ýagdaýa düşýär'

Şeýle-de, fermada şu ýylyň martynda başlanan gurluşyk işleriniň 2026-njy ýylyň mart aýynda tamamlanjakdygy bellenýär, ýöne onuň işini togtatjakdygy barada hiç zat aýdylmaýar.

Mundan başga, döwlet eýeçiligindäki metbugatyň iýun aýynda beren habaryndan çen tutulsa, Türkmenbaşy jinsi toplumy 30 ýyl bäri bazarda bolup, “Turkmentextile Expo – 2025” halkara sergi-ýarmarkasynda ýurduň dokma senagatyndaky öňdebaryjylyk derejesini ýene bir gezek tassyk etdi.


Döwlet eýeçiligindäki metbugatda berilýän ösüş habarlaryndan tapawutlylykda, Azatlygyň habarçylary ýurtdaky aýlyk, gazanç meseleleriniň önümçilige örän ýaramaz täsir ýetirýändigini habar berýärler.

Mysal üçin, oktýabryň ortalarynda habarçylarymyz Balkanda güýzlük bugdaý ekişiniň gijikdirilýändigini, munuň bir sebäbiniň mehanizatorlaryň zähmet migrasiýasyna barha kän ýykgyn etmegi bilen baglydygyny habar berdiler.

Sentýabr aýynda bolsa habarçylarymyz Ahal welaýatynyň edara-kärhanalaryndaky aýlyk gijikmeleri barada habar berdiler.

Azatlyk ýurtdaky aýlyk, pul-maliýe meseleleri we olaryň kärhanalaryň, önüm öndürijileriň işine ýetirýän täsiri barada resmi düşündiriş alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG