Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Demokratiýa indeksinde yzda süýrenmegini dowam etdirýär


Bezeg suraty
Bezeg suraty

2025-nji ýylyň Demokratiýa indeksinde, Halkara demokratiýa we saýlaw ýardamy institutynyň (IDEA) her ýylda çap edýän ýyllyk hasabatynda Türkmenistan iň aşakdaky orunlaryň birini aldy diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” habar berýär.

Çykarylan netijeler 39 görkezijini öz içine alýan we esasy dört kategoriýa - "wekilçilige", "hukuga", "kanunyň hökmürowanlygyna" we "gatnaşyga" seredilip berlen bahalara esaslanýar. "Wekilçilik" saýlawlaryň adalatlylygyny we bäsdeşlige ukyplylygyny, şeýle hem döwlet edaralarynyň raýatlaryň islegini beýan ediş derejesini şöhlelendirýär.

"Hukuk" söz azatlygyny, kanunyň öňünde deňligi we esasy sosial kepillikleri öz içine alýar. "Kanunyň hökmürowanlygy" kazyýet garaşsyzlygyny, korrupsiýanyň derejesini, adalat kepilliklerini we şahsy howpsuzlygy seljerýär. "Gatnaşyk" raýatlaryň syýasy gatnaşygyny, raýat gatnaşygyny we saýlawçylaryň gatnaşygyny gözden geçirýär diýip, “Belsat” ýazýar.

Täze reýtingde Türkmenistan bu dört kategoriýa boýunça iň pes baha alan ýurtlaryň hataryna girdi.

Has anygy, Türkmenistan "wekilçilik" boýunça 149-njy, "hukuklar" boýunça 164-nji, "kanunyň hökümdarlygy" boýunça 160-njy, "gatnaşyk" boýunça 171-nji orny eýeledi.

Türkmenistan birinji kategoriýada beýlekilerden gowy wekilçilik edýär. Ikinji kategoriýada Türkmenistandan aşakda Demirgazyk Sudan, Mýanma, Eritreýa, Ýemen, Demirgazyk Koreýa we Owganystan bar. Şuňa meňzeş ýurtlar üçünji kategoriýada hem Türkmenistandan aşakda ýerleşýär. Dördünji kategoriýada Türkmenistandan diňe Demirgazyk Koreýa we Eritreýa yza galýar.

XS
SM
MD
LG