“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada Ýaponiýanyň “Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.” we Türkiýäniň “Gap Inşaat Ýatyrym we Diş Tijaret Anonim Şirketi” kompaniýalary bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi diýip, türkmen metbugaty habar berýär.
Ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürmeli zawodyň gurulmagy baradaky karara prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.
Onuň gurluşyk işlerine 2026-njy ýylyň iýul aýynda başlamak we toplumy 2030-njy ýylyň fewral aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak meýilleşdirilýär.
2018-nji ýylda Türkmenistanda ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid we 660 müň tonna sintetik ammiak öndürmäge niýetlenen “Garabogazkarbamid” zawody ulanylmaga berildi. Onuň önümçiliginde çig mal hökmünde esasan tebigy gaz ulanylýar diýip, habarda bellenýär.