Türkmenistanda Garaşsyzlyk baýramynyň öňýany döwlete degişli edara-kärhanalaryň işgärleri "yzy-üzülmeýän" ýowarlaryň özlerine ýetirýän oňaýsyz täsirinden şikaýat edýärler. Öz gezeginde, degişli edaralara işi düşüp barýan ýerli ýaşaýjylar bolsa ýowarlar sebäpli döwlet edaralarynda işleriniň wagtynda bitmeýändiginden zeýrenýärler.
Garaşsyzlygyň öňýany býujet işgärleri "yzy-üzülmeýän" ýowarlardan zeýrenýär
1
Şu günler Aşgabatda Garaşsyzlyk gününe taýýarlyk çäreleri güýçli depginde alnyp barylýar. Taýýarlyklaryň esasyny şäherde arassaçylyk işlerini geçirmekligiň düzýändigini görse bolýar.
2
Edara-kärhanalaryň işgärleri edara jaýynyň daş-töwereginde arassaçylyk işlerini geçirseler, seýilgählerde baglary timarlap ýören işgärlere gözüň düşýär.
3
Taýýarlyklaryň çäginde köp gatly jaýlaryň ýokarky gatlaryna çenli kran diräp, ýaşaýyş we edara jaýlarynyň daşlaryny abatlap ýören işgärlere hem görse bolýar.
4
Ýoluň kenarynda abatlaýyş işleri alnyp barylýar