Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 29-njy awgustda Berlinde Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bilen resmi duşuşygynyň yzýany žurnalistleriň öňünde çykyş etdi. Azatlyk Radiosy şol metbugat-konferensiýasyna gatnaşyp, türkmen prezidentiniň içjek suwunyň çalşyrylmagy ýaly adaty bolmadyk käbir pursatlary surata düşürdi.
Berlin: Berdimuhamedow içjek suwuny ýany bilen alyp bardy
1
Germaniýanyň kasnleri Angela Merkel (s) we Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow (ç) metbugat-konferensiýasynda çykyş etmek üçin öz münberlerine barýarlar, Berlin, 29-njy awgust, 2016.
2
Türkmen prezidenti bilen bile baran türkmen resmisi elinde bir stakan suwy göterip çykdy.
3
Türkmen resmisi guramaçylaryň Berdimuhamedow üçin öňünden taýýarlap goýan suwuny alyp, onuň ýerine öz getiren suwly stakanyny goýdy.
4
Türkmen resmisi guramaçylaryň Berdimuhamedow üçin öňünden taýýarlap goýan suwuny alyp, onuň ýerine öz getiren suwly stakanyny goýdy.