Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerli häkimlikler “pristroýkalary”, ýagny sapma jaýlary ýykyp başladylar.
Lebap: "Pristroýkalar" ýykylýar
1
Häzirki wagtda sapma gurluşyklaryň köpçülikleýin ýykylmagynyň sebäbi barada ýerli häkimiýetler halk köpçüligine hiç hili maglumat bermeýärler.
2
Emma şol binalar derhal aýrylmaly diýlen buýrukdan soň adamlar öz jaýlaryny özleri sökmäge mejbur bolýarlar.
3
Ilatyň öz sapma jaýlaryny özleriniň ýykmagynyň ýene bir sebäbi bar. Ol hem, eger-de berlen möhletde ony ýykmasaň, onda ony häkimiýetleriň özleri ýykýarlar.
4
Onsoň öý eýeleri agyr tehnika ulanylyp ýer bilen ýegsan edilen sapma jaýlaryň gurluşyk materiallaryndan, hatda betonyndanam peýdalanyp bilmeýärler.