Aşgabadyň Parahat-7 etrapçasynda gurluşygyna mundan 3 ýyl ozal başlanan desganyň gurluşygy heniz hem tamamlanmaýar.
Uzaga çeken gurluşyk...
1
Häzirki wagt bu ýerde ne gurluşyk işçilerini, ne-de agyr tehnikalary görse bolýar.
2
Bu bazaryň gurluşygynyň başlangyç tapgyrynda işlän käbir gurluşyk işçileriniň aýtmagyna görä, bu desganyň gurluşygy işçilere aýlyk haklarynyň wagtynda berilmän, olaryň işlerini taşlap gitmegi sebäpli tamamlanmaýar.
3
Ýaşaýjylar bu ýerde wagtal-wagtal gymyldynyň bolýandygyny, emma soňra desganyň gurluşygynyň ýene-de togtaýandygyny aýdýarlar.
4
Parahat-7 etrapçasynda ýüzlerçe hojalyk ýaşaýar.