Paýtagtda howanyň temperaturasynyň 40 gradusdan hem aşýan bu günlerinde ýolagçylar jokrama yssydan goranmak üçin islendik kölegeli ýerlerde durmaly bolýarlar.
Aşgabat: Yssydan goramaýan duralgalar
1
Adatça ýolagçylar duralgalaryň aşagynda däl-de onuň kölege berýän tarapyna geçip awtobusa garaşyp durýarlar.
2
Aşgabadyň "10 ýyl abadançylyk" köçesindäki duralgada howanyň gyzgynlygynyň 50 gradusdan hem aşýandygy görkezilýär.
3
Duralgalaryň kölege berýän tarapyna geçip awtobusa garaşyp duran ýolagçylar.
4
2012-nji ýylda ornaşdyrylyp başlanan "täze" duralgalaryň aglabasynda split-sistemalaryň we telewizorlaryň hem işlemeýändigini görse bolýar. "Arçabil" prospektindäki duralga.