Demirgazyk Owganystanda ýaşaýan etniki türkmenleriň ýüzlerçesi Owgan milli bitewi hökümetinde türkmen wekilleriniň hem ýokary wezipelere bellenmegini talap edip, protest geçirýär.
Owgan türkmenleri protest geçirýär
1
Eýýäm üç gün bäri dowam edýän protestlerde etniki türkmenler şu gün Balh welaýatyndan Farýap welaýatyna gidýän esasy gara ýoly ýapdylar.
2
Olar öz talaplary berjaý edilmese, protest çärelerini dowam etdirmegi wada berdiler.
3
Protestiň dowamynda Owganystanyň Jowizjan welaýatynyň Akja etrabynyň öňki häkimi Hajy Abdul Kaýum we Owganystanda ýaşaýan türkmenleriň Ýaşlar jemgyýetiniň jogapkäri Nureddin dagylar çykyş etdiler.
4