Prezident Berdimuhamedowyň Türkmenabada planlaşdyrýan sapary bilen baglanyşykly tas iki aýdan bäri köçeler arassalanýar, protokol köçeleriň gapdalyndaky binalar aklanylýar, olar dürli bezegler bilen bezelýär.
Lebabyň taýýarlyk çäresi
5
Türkmenabadyň Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugrunda ýerleşýän jaýyň arka tarapy.
6
Prezidentiň saparyna taýýarlyk, mundan öňki gezeklerde bolşy ýaly, bilime hem öz täsirini ýetirýär. Okuwçylar indi ep-esli wagtdan bäri prezidentiň saparyna taýýarlyk işlerine gatnaşýarlar. Olaryň medeniýet hepdeligine çekilýänlerem bar.
7
Taýýarlyk çäreleriniň geçirilýän ýerinde Tiz kömek ulaglaryny hem görse bolýar.
8
Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugrunda dürli reňkdäki bezegler hem ýerleşdirilipdir.