Aşgabadyň käbir raýonlarynda köpgatly ýaşaýyş jaýlaryny abatlaşdyrmak diýen çäre bilen bagly ýaşaýjylaryň çanak antennalaryny aýyrmak işi dowam edýär.
Satellitler aýrylýar
1
Çanak antennalaryndan mahrum edilen ýaşaýjylara "kabel telewideniýesi” hyzmatyndan peýdalanmak teklip edilýär.
2
Paýtagtyň häkimiýetleri öýlerden çanak antennalarynyň aýrylmagy Aşgabatda yzygiderli geçirilýän şäheri abadanlaşdyrmak işleri bilen bagly diýip düşündirýärler.
3
Aýrylan çanak antennalar üçin hiç hili kompensasiýa tölenmeýär.
4
Çanak antenallaryň mejbury aýrylmagy adam hukuklaryna gözegçilik edýän käbir toparlarda maglumat elýeterliligi babatynda aladalanmalary döretdi.