Türkmenistanda hökümet tarapyndan geçirilýän köpçülikleýin çärelere edara-kärhanalaryň işgärleri bilen bir hatarda ýaş çagalaryň hem çekilýändigini görmek bolýar. Aşaky fotosergide ýylyň dürli pasylynda geçirilen çärelere gatnaşdyrylan ýaş türkmenistanlylaryň käbir suratlary ýerleşdirildi.
'Çäreçi' çagalar
5
Çagalaryň gatnaşmagyndaky dürli köpçülikleýin çäreleri ýylyň ähli paslynda-da geçirilýär.
6
Ulular bilen bir hatarda ýaş çagalar hem resmi çäre sowulýança garaşmaly bolýarlar.
8
Köpçülikleýin çäräniň dowamynda telewideniýä düşürilmeýän pursady çagalar dynç alýarlar.