Amyderýanyň suwy Garagum kanaly boýunça paýtagta gelende, 1962-nji ýylda döredilen bu suw howdany Gurtly köli ady bilen tanalýar. Bu köl öň paýtagtlylaryň höwes bilen dynç alýan ýeridi. Häzir bu ýerdäki oňaýly kenardan, plýaždan hiç hili nam-nyşan galmandyr.
Zibil içindäki Gurtly
1
Kölüň islendik ýerinde diýen ýaly zir-zibile duşmak bolýar.
2
Kölüň dynç alyş infrastrukturasynyň dolulygyna diýen ýaly ýumrulandygyna garamazdan, bu köle suwa düşmäge gelýän paýtagtlylar we onuň myhmanlary az däl.
3
Bu plýaža dynç almaga gelýänler zir-zibilli suwda suwa düşýärler, zir-zibiliň arasynda oturyp, öz ýanlary bilen getiren naharlaryny iýýärler.
4