Hytaýda ABŞ-nyň million dollary bolan 2.7 million sany millioner we 251 sany milliarder bar. Bu sanlar "The Hurun Report" ykdysady neşirinde çap edildi. Şol bir wagtda, BMG-niň maglumatlaryna görä, 1.3 milliardlyk ilatyň 13% töweregi günde $1.25 bilen güzeran aýlamaly bolýar.
Hytaý: Baý-garyp boşlugy
5
Pekiniň eteginde bir adam agaçdan ýasalan gaplary satýar. Sagdaky suratda bolsa, ýakynda Pekinde açylan söwda merkeziniň içindäki harytlar görkezilen.
6
Adamlar köçe yşyklarynyň ýagtylygynda ýygnanyp, söhbet edýärler. Şol bir wagtda, adamlaryň başga bir topary gözellik sergisiniň öňýany şampan içip otyrlar.
7
Langfang sebitinde zähmet çekýän bir işçi aýalyň aýagy palçyga bulaşypdyr. Sagdaky suratda gözellik sergisine gelen adamlar, özleriniň aýakgaplaryny uly höwes bilen görkezýärler.
8
Pekiniň etegindäki arzan harytlaryň dükany. Sagda daşary ýurtlardan getirilen kaşaň geýimler.